| Ashgabat | 26°C
Jemgyýet 13.10.2026, 14:30 1

Ýakyn iki aýyň içinde Gumdag — Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanar

Ýakyn iki aýyň içinde Gumdag — Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanar

Eýranyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň esasy amaly ylalaşygy ýakyn iki aýyň içinde strategik taýdan möhüm bolan Gumdag — Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlamak baradaky çözgüt boldy.

Tejribeli eýran potratçysynyň gatnaşmagynda ýerine ýetiriljek taslama awtoulag arkaly ýük daşamalaryny amatlylaşdyrmaga, tirkegli ýük ulaglarynyň gatnawyny ýeňilleşdirmäge hem-de serhetýaka düzüminiň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem taslama tutuş sebitiň ýol torunyň berkemegine esas döreder.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!