| Ashgabat | 24°C
Sport 21.10.2026, 12:23 13

Aşgabatda 10 000 manat pul baýragy bilen küşt boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçiriler

Aşgabatda 10 000 manat pul baýragy bilen küşt boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçiriler

22-nji oktýabr bilen 1-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçiriler.

Bäsleşige ýurdumyzyň iň güýçli grossmeýsterleri hem-de zehinli ýaş küştçileri gatnaşarlar.

Ýaryşyň maksatnamasy küşt oýnunyň üç ugruny — klassiki (nusgawy), çalt (rapid) hem-de örän çalt (blitz) görnüşlerini öz içine alýar.

Çäräniň umumy baýrak gaznasy 10 000 manat bolup, ol aşakdaky görnüşde paýlanar:

«A» topary:
1-nji orun — 3000 manat
2-nji orun — 2000 manat
3-nji orun — 1000 manat

«B» topary:
1-nji orun — 500 manat
2-nji orun — 300 manat
3-nji orun — 200 manat

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!