Özbegistan 2027-nji ýylda GDA-da başlyklyk eder
2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek nobaty Özbegistana geçer. Bu çözgüt Awazada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde yglan edildi.
Arkalaşyga ýolbaşçylyk etmegiň gezekleşdirilmeginiň çäklerinde kabul edilen çözgüt barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.
Şeýle-de Azerbaýjan döwletiniň Baştutany respublikanyň 2028-nji ýylda GDA-da doly derejeli başlyklygy öz üstüne almaga taýýardygyny resmi taýdan beýan etdi.
Bu ygtyýarlygyň çäklerinde 2028-nji ýylyň güýzünde Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini guramak meýilleşdirilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!