| Ashgabat | 22°C
Tehnologiýalar 05.10.2026, 12:59 1

Akylly gulaklyk indi beýniniň ýadawlygyny kesgitläp bilýär

Akylly gulaklyk indi beýniniň ýadawlygyny kesgitläp bilýär

ABŞ-nyň Neurable neýrotehnologiýa kompaniýasy beýni bilen kompýuteriň arasynda baglanyşyk saklamaga mümkinçilik berýän, hirurgik çemeleşmäni talap etmeýän tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan gulaklyklary tanyşdyrdy.

Olar beýniniň işjeňligini seljerip, ulanyjynyň aňynyň näderejede ýadandygyny kesgitläp bilýär.

«Neurable One» diýlip atlandyrylýan gulaklyklara neýlon gulak ýassyjaklarynyň içine ýerleşdirilen 12 sany elektroensefalografiýa (EEG) sensory oturdylypdyr. Bu sensorlar beýniniň elektrik işjeňligini hasaba alýar.

«Neurable» goşundysy bolsa alnan maglumatlary seljerip, aň işjeňliginiň ýokarlanýan döwürlerini kesgitleýär. Şeýle hem ulgam ulanyja haçan arakesme etmelidigini maslahat berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!