| Ashgabat | 27°C
Tehnologiýalar 17.10.2026, 16:07 6

Çagalaryň howpsuzlygy we Emeli Aňyň çäklendirilmegi talap edilýär

Çagalaryň howpsuzlygy we Emeli Aňyň çäklendirilmegi talap edilýär

ABŞ-nyň birnäçe ştatynda OpenAI kompaniýasyna garşy çykyş edýän kazyýet işleriniň täze tapgyry başlandy.

Aýowa, Aýdaho, Arizona, Arkanzas, Günbatar Wirjiniýa, Kanzas, Montana we Nebraska ştatlarynyň Baş prokuraturalary ChatGPT emeli aň ulgamynyň döredijilerine garşy bilelikde kazyýete şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular.

Şeýle hem, şu ýylyň tomus aýlarynda Florida ştaty tarapyndan hem meňzeş talaplar öňe sürülipdi.

Prokurorlaryň bellemegine görä, ChatGPT neýroulgamy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary ýagdaýy kynlaşdyryjy we howply temalardan ýeterlik derejede gorap bilmeýär.

Kazyýete berlen arzada OpenAI kompaniýasyna iri möçberde pul jerimesiniň salynmagy hem-de onuň iş düzgünlerini düýpli özgertmegi talap edilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!