Toyota Lexus-dan hem ýokary derejeli Century markasyny dünýä bazaryna çykarar
Toyota kompaniýasy kaşaň awtoulaglary bilen tanalýan Century markasynyň Ýaponiýanyň çäginden daşary bazarlarda hem satuwyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda bu markanyň awtoulaglary, esasan, Ýaponiýada, şeýle-de az mukdarda Hytaýda satylýar.
Bu kysymly krossoweriň Detroýtda görkezilmegini Century-niň halkara bazara çykarylmagynyň ähtimal alamatlary diýip hasaplap bolar.
Toyota kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýoda Century-ni Awtoulag şöhraty zalyndaky kabul ediş dabarasyna alyp geldi.
Kompaniýanyň tehniki direktory Hiroki Nakadzimanyň aýtmagyna görä, munuň maksady bu awtoulagy ABŞ-nyň awtoulag senagatynyň wekillerine görkezmek we onuň dünýä bazary üçin niýetlenendigini nygtamakdan ybaratdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!