Toyota bilen Miçigan alymlary şarjagazly ruly hödürlediler
Miçigan uniwersitetiniň we Toyota gözleg institutynyň (Toyota Research Institute) hünärmenleri bilelikde awtoulag dolandyryşyny täze basgançaga çykarmaga gönükdirilen özboluşly ruly taýýarladylar.
Täze gurluş ýarym awtomatlaşdyrylan ulgamlar bilen sürüjiniň arasyndaky aragatnaşygy aňsatlaşdyrmak maksady bilen ýörite çişýän şarjagazlar bilen üpjün edildi. Şarjagazlar ruluň üstünde, adaty sürüjilik düzgünlerine laýyklykda elleriň ýerleşýän sagat 10 we 2 ugurlarynda ýerleşdirildi.
Meselem, ulgam çepe öwrülmegi maslahat berende, ruluň çep tarapyndaky şarjagazlar çişip başlaýar. Ýolda päsgelçilik ýüze çykanda ýa-da ulgam sürüjiniň ünsüni has güýçli çekmeli diýip hasaplanda, şarjagazlar yzygiderli çişip we kiçelip, el arkaly duýulýan güýçli signal berýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!