Indi iPhone 18 we Apple Watch modellerinden hem pul talap edilýär
Patent hukugyny bozmakda günälenýän Apple kompaniýasy Taction Technology tarapyndan täze we has uly talaplar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Kazyýetde 5,7 milliard dollar öwez tölegini utandan soň, Taction indi geljekde satyljak her bir iPhone we Apple Watch üçin yzygiderli töleg edilmegini isleýär.
Taction-yň pikiriçe, ozalky çykarylan kazyýet karary diňe 2026-njy ýylyň martyna çenli bolan satuwlary öz içine alýar.
Şol sebäpli kompaniýa soňky alty aýda satylan enjamlar we geljekde çykjak iPhone 18 Pro, iPhone 18 Pro Max, Apple Watch Series 12 hem-de Apple Watch Ultra 4 ýaly täze modeller üçin hem goşmaça paý talap edýär.
Mundan başga-da, Apple-dan ABŞ-da satylan enjamlaryň sany barada her 3 aýdan hasabat bermek we çärýek tamamlanandan soň 30 günüň dowamynda degişli tölegi geçirmek talap edilýär.
Taction-yň talaplary patentleriň güýjüni saklaýan möhleti tamamlanýança, ýagny 2035-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çenli dowam etmeli.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!