| Ashgabat | 22°C
Tehnologiýalar 05.10.2026, 14:00 4

TCL kompaniýasy Samsung-y müşderileri aldawa salmakda aýyplady

TCL kompaniýasy Samsung-y müşderileri aldawa salmakda aýyplady

Hytaýyň TCL kompaniýasy Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasyny önümlerini müşderileri aldawa salýan mahabat bilen hödürlemekde aýyplap, kazyýete ýüz tutdy.

Jedeliň döremegine Samsung-yň M seriýaly, bahasy 300 dollardan 2300 dollara çenli bolan telewizorlary sebäp boldy. Samsung bu telewizorlary Mini LED tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan görnüşde mahabatlandyrýar.

Emma TCL kompaniýasynyň tassyklamagyna görä, olaryň içinde Mini LED däl-de, adaty LED yşyklandyryş ulgamy ulanylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!