Şrek täzeden ekranlara gaýdyp gelýär
2027-nji ýylyň tomus möwsüminde kinematografiýa äleminde uly wakalaryň biri bolup geçer — meşhur ýaşyl döw we onuň wepadar dostlary täze hekaýasy bilen ýene-de ekranlara gaýdyp geler.
Kino muşdaklarynyň göwnünden turan bu täsin älemiň taryhy mundan 25 ýyl ozal, ýagny 2001-nji ýylda başlanypdy. Şonda tomaşaçylar Şrek, onuň sabyrsyz dosty Eşek we owadan Fiona bilen ilkinji gezek tanyşypdylar.
Tiz aralykda dünýä derejesinde uly meşhurlyk gazanan ilkinji film kassadan 500 million dollara golaý girdeji getirdi hem-de «Iň gowy animasion film» ugry boýunça taryhy «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.
Soňluk bilen bu üstünlik ýene üç sany esasy film we «Ötükli pişik» baradaky iki sany aýratyn şaha — spin-off bilen dowam etdirildi.
Franşizanyň soňky bölegi bolan «Hemişelik Şrek» filmi 2010-njy ýylda köpçülige hödürlenipdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!