| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 01.10.2026, 15:00 6

Dünýäde iň inçe myhmanhana

Dünýäde iň inçe myhmanhana

Indoneziýada ýerleşýän dünýäniň iň inçe myhmanhanasynyň ini, takmynan, 2,8 metrdir.

PituRooms atly myhmanhananyň binagäri Ary Indra binanyň Merkezi Jawa welaýatynyň Salatiga şäherinde, geň ululygy sebäpli hiç kimiň satyn almak islemeýän ýerinde gurlandygyny aýdýar.

Indra indoneziýaly suratkeşler we dizaýnerler tarapyndan taýýarlanan otaglaryň özboluşly gurluşynyň bardygyny aýdyp: «Bu ýere gelenleriň Salatiga şäherini täzeçe başdan geçirmegini isleýärin» — diýdi.

Binagär myhmanhanany döreden topary bilen bilelikde dolandyrýandygyny mälim etdi we paýtagt Jakartanyň, takmynan, 480 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Salatiga şäherine has köp syýahatçy çekmek isleýändigini belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!