| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 16.10.2026, 12:53 3

Russiýa daşary ýurtlular üçin gyssagly wiza töleglerini artdyrdy

Russiýa daşary ýurtlular üçin gyssagly wiza töleglerini artdyrdy

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryndan başlap, daşary ýurt raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynyň gyssagly wizalaryny resmileşdirmegiň tölegleri ep-esli ýokarlandy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň beren maglumatyna görä, wiza resminamalaryny 3 iş gününiň dowamynda gyssagly taýýarlamak hyzmatlarynyň bahasy ozalkysyndan iki esse gymmatlady.

Täze düzgünler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul eden degişli Kararyna laýyklykda güýje girdi.

Bu nyrh artmalary adaty okuw hem-de üstaşyr (tranzit) wizalaryndan başga, gyssagly tertipde resmileşdirilýän wiza görnüşleriniň köpüsine degişlidir. Şeýle hem iş wizalaryny we wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama (RVP) almak üçin berilýän resminamalaryň konsullyk ýygymlary hem täze bahalara geçirildi.

Täze girizilen konsullyk ýygymlarynyň nyrhlary:

Şahsy, işewürlik (biznes) we ynsanperwerlik wizalary:

  • Adaty tertipde: 1 gezeklik — $80, 2 gezeklik — $128, köp gezeklik — $240

  • Gyssagly tertipde: 1 gezeklik — $320, 2 gezeklik — $512, köp gezeklik — $960

Syýahatçylyk (turistik) wizalary:

  • Adaty tertipde: 1 gezeklik — $80, 2 gezeklik — $128

  • Gyssagly tertipde: 1 gezeklik — $320, 2 gezeklik — $512

Wagtlaýyn ýaşamaga rugsat berýän (RVP) wizalar:

  • Adaty bir gezeklik — $160

  • Gyssagly bir gezeklik — $640

Iş wizalary:

  • Adaty tertipde: 1 gezeklik — $160, 2 gezeklik — $256, köp gezeklik — $480

  • Gyssagly tertipde: 1 gezeklik — $640, 2 gezeklik — $1 024, köp gezeklik — $1 920

Konsullyk tarapyndan hödürlenýän beýleki hyzmatlaryň tölegleri öňküligine galýar.

Diplomatik edara wiza almak üçin ýüz tutýan raýatlara täze nyrhlar bilen öňünden tanyşmagy hem-de konsullyk bölüminiň kassasynda töleg geçirmek üçin zerur serişdeleri ýany bilen taýýar getirmegi maslahat berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!