| Ashgabat | 26°C
Bilim 09.10.2026, 12:06 1

Üzärligiň ynsan durmuşyndaky orny

Üzärligiň ynsan durmuşyndaky orny

Türkmen halkynyň asyrlardan bäri däne-däne toplan halk lukmançylyk tejribesinde üzärlik köp taraplaýyn peýdaly hasaplanylýar. Aýratynam, üzärligiň tüssesiniň «göz degmä garşy» güýjüne ynanylyp, öýleriň içinde tütedilýär. Täze dünýä inen çaganyň otagynda hem üzärlik tüssesi bilen arassalaýyş geçirilýär.

Sowuklama, dümew we bokurdagyň agyrysy ýaly alamatlar ýüze çykanda, üzärligiň tüssesinden dem almak peýdaly hasaplanylýar. Halk arasynda üzärlik tüssesiniň adam ruhuny ýeňilleşdirýändigi, stresden saplaýandygy barada ynanç bar. Käbir çeşmelerde üzärlik tohumynyň içilmeginiň içege parazitleriniň çykarylmagyna kömek edýändigi hem bellenilýär.

Häzirki zaman lukmançylyk barlaglarynda üzärligiň käbir maddalarynyň peýdaly täsirleri öwrenilýär. Üzärlikdäki alkaloid maddalaryň käbir bakteriýalaryň we wiruslaryň ösmegine garşy täsiriniň bardygy aýdylýar. Şonuň üçin olar dürli deri ýokançlyklarynda ulanylýan käbir melhemleriň düzümine goşulýar. Üzärlik ýagynyň hem mikroblara garşy häsiýetiniň bardygy bellenilýär.

Şeýle hem üzärlik ekstraktynyň damar giňeldiji we agyryny ýeňilleşdiriji täsirleri barada maglumatlar bar. Onuň beýniniň işjeňligine we ruhy durnuklylyga edýän täsiri hem ylmy barlaglarda öwrenilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!