Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Onda şeýle sözler bar:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOW
Siziň Alyhezretiňiz!
Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Bu şanly gün Siziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň soňky ýyllarda hem-de şu ýylyň dowamynda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň subutnamasy bolup durýar.
Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar biziň dini, medeni hem-de taryhy umumylygymyza esaslanýar.
Men 2025-nji ýylyň dekabr aýynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Saparyň dowamynda Siziň Alyhezretiňiz bilen ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, söwda, maýa goýumlar, energetika hem-de sebit gatnaşyklaryny ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly örän netijeli gepleşikleri geçirdik.
Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda hem biziň halklarymyzyň bähbidine Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!