| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 16.10.2026, 12:50 3

Täze «Wuling Starlight L» krossoweriniň dizaýny we häsiýetnamalary hödürlendi

Täze «Wuling Starlight L» krossoweriniň dizaýny we häsiýetnamalary hödürlendi

Metbugatda Hytaýyň SAIC we Amerikanyň General Motors kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasynyň täzelenen «Wuling Starlight L» maşgala krossoweriniň resmi suratlary paýlaşyldy.

Ulagyň uzynlygy 4980 mm, tigir bazasy bolsa 2950 mm bolup, ol orta ölçegli krossowerleriň hataryna girýär.

Standart toplumda awtomatik dolandyryşly akylly LED faralar, öwrümlerde goşmaça ýagtylandyryş ulgamy we hereketlendiriji öçürilenden soň belli bir wagtlap ýanyp durýan çyralar bar. Yzky böleginde bolsa bagažlygyň tutuş giňligine uzalýan bitewi ýagtylyk zolagy ýerleşdirilipdir.

Ulag 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisi, öňki okda ýerleşýän elektrik dwigateli we basgançaksyz transmissiýa bilen üpjün edilipdir.

Krossower 100 km/sag tizlige 8,2 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 190 km/sag deňdir.

Diňe elektrik energiýasy bilen 260 km, benzin we elektrik energiýasy bilelikde ulanylanda bolsa 1260 km ýol geçip bilýär.

Batareýanyň zarýady gutaranda ýangyç sarp edişi 100 km üçin takmynan 4,9 litr bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!