Ford Mustang-yň täze görnüşi hödürlendi
«Ford» kompaniýasynyň synag ulaglary saklanýan bölüminde köpleriň ünsüni çeken täsin awtoulag peýda boldy — bu pikap kuzowly «Mustang» modelidir.
Bu täsin taslama kompaniýada önümçilik tejribeligini geçýän hünärmenler we talyplar tarapyndan taýýarlanyldy. Şeýle amaly iş talyplara öz bilimlerini we başarnyklaryny hakyky awtoulag önümçiliginde synap görmäge giň mümkinçilik döretdi.
Ýaş hünärmenler ulagyň yzky oturgyçlaryny hem-de adaty bagaž bölümini aýyryp, olaryň ýerine kiçiräk ýük kuzowyny ýerleşdirdiler. Taslamany amala aşyrmakda käbir zerur şaýlar «Ford Ranger» pikap modelinden alnyp ulanyldy.
Daşky dizaýny boýunça bu ulag meşhur nusgawy «Ford Ranchero» modelini ýada salmalydy, emma ol häzirki zaman «Hyundai Santa Cruz» ykjam pikapyna has meňzeş boldy.
Şeýle hem ulagyň ýerden beýikliginiň — klirensiniň artandygy aýdyň görünýär. Dizaýn hünärmenleriniň pikiriçe, bu ulaga peseldilen asma ulgamy ýa-da ýolsyz ýerlere niýetlenen uly tekerler has hem gelşerdi.
Kompaniýa sportkar bilen pikabyň bu täsin gibridini köpçülikleýin önümçilige goýmagy meýilleşdirmeýär — ol diňe konseptual synag nusgasy hökmünde galar.
Şeýle-de bolsa, bu üýtgeşik model eýýäm «Ford» brendiniň janköýerleriniň we hünärmenleriniň arasynda uly gyzyklanma döretmegi başardy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!