Çingiz Aýtmatowyň ömrüne bagyşlanan täze terjimehal filmi köpçülige hödürlendi
«Ray of Sun Pictures» kinokompaniýasy gyrgyz edebiýatynyň beýik wekili Çingiz Aýtmatowyň ömür ýoluna we döredijiligine bagyşlanan «Aýtmatow» atly biografik filmiň treýlerini tanyşdyrdy.
Ekran eseri 15-nji oktýabrdan başlap Gyrgyzystanyň kinoteatrlarynda görkezilip başlandy, noýabr aýynda bolsa halkara kinoprokatyna çykar.
Filmdäki esasy wakalar 1979-njy ýyly öz içine alýar. Şol döwürde ýazyjy özüniň meşhur «Asyra barabar gün» romanyny tamamlaýar, emma sowet senzurasynyň kynçylyklary sebäpli eseriň neşir edilmegi uly sorag astynda galýar.
Ýewropadaky saparynyň dowamynda Aýtmatowa Günbatarda galmak barada pikir we mümkinçilik döreýär. Bu teklip oňa döredijilik azatlygyny, halkara derejesindäki şöhraty we päsgelçiliksiz rahat durmuşy wada berýär.
Emma şol bir wagtyň özünde bu saýlaw ýazyjynyň hakydasynda geçmişi janlandyrýar: ol Stalin repressiýalary döwründe tragiki ýagdaýda ýitiren kakasyny, agyr çagalyk ýyllaryny we ilkinji söýgüsini hamala täzeden başyndan geçirýär.
Romandaky öz kökünden we taryhyndan aýrylan «mankurt» keşbi barada oýlanmak bilen, Aýtmatow hakyky azatlygyň Watandan, öz halkyň öňündäki jogapkärçilikden we taryhy hakydadan üzňe mümkin däldigine göz ýetirýär.
Şunlukda, ýazyjy diňe bir öz ykbalyny däl, eýsem tutuş halkyň ruhy mirasyna öwrüljek eseriniň geljegini hem kesgitleýän möhüm karara gelýär.
Kino kartinasynda Çingiz Aýtmatowyň keşbini aktýor Bolot Tentimyşow döretdi. Şeýle hem filmde Boris Pasternagyň keşbinde meşhur rus aktýory Sergeý Bezrukow çykyş edýär.
Filmiň režissýory — ozal kinooperator hökmünde tanalan Kanibek Kalmatow bolup, bu film onuň režissýorlyk ugrundaky ilkinji işidir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!