| Ashgabat | 25°C
Gyzykly maglumat 13.10.2026, 18:07 3

Awiagurluşygyň düýbüni tutan telekeçi

Awiagurluşygyň düýbüni tutan telekeçi

Uilýam Boing (William Boeing, 1881–1956) — amerikaly inžener-konstruktor we iri senagatçydyr. Ol 1903-nji ýylda meşhur Ýel uniwersitetini tamamlap, 1916-njy ýylda özüniň ilkinji uçaryny guraýar we «Pacific Aero Products» kärhanasyny esaslandyrýar.

Tiz wagtdan kompaniýanyň ady «Boeing Airplane Co» diýlip üýtgedilýär. Şereket ilki başda, esasan, harby hem-de poçta-ýük uçarlaryny öndürmek bilen meşgullanýar.

1934-nji ýylda Uilýam biznesdäki paýyny satyp, atçylyk bilen gyzyklanyp başlaýar. Muňa garamazdan, ol awiasiýadan doly uzaklaşmaýar — Ikinji jahan urşy ýyllarynda ozalky kärhanasynda maslahatçy hökmünde zähmet çekýär.

Dünýäde täze eýýamy açan «Boeing 707» reaktiw ýolagçy uçarynyň taslamasy hem edil şol döwürlerde işlenip düzülýär. Täze uçar 1954-nji ýylda synagdan geçirilip, ilkinji gezek asmana göterilýär. U.Boing öz adyny göterýän kärhananyň bu taryhy üstünligini öz gözleri bilen görmäge muýassar bolýar.

Bütin taryhynyň dowamynda «Boeing» kärhanasy köp sanly dünýä rekordlaryny goýdy. Meselem, 1989-njy ýylda ulanyşa girizilen «Boeing 747-400» modeli öz döwründe iň iri we giň göwrümli ýolagçy uçarlarynyň biri boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!