Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň akymy iki essä golaý köpeler
Kerki — Kabul ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçirijisiniň Daşt-e Alwan bekedinden Kabul welaýatynyň Argandi bekedine çenli bolan tapgyryny 2027-nji ýylyň iýun aýynda doly işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Bu barada Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) taslamasynyň ýolbaşçysy Myrat Artykow Aşgabatda geçirilýän «OGT 2026» halkara nebit-gaz maslahatynyň mejlisinde habar berdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, umumy uzynlygy 711 kilometr bolan 500 kilowoltlyk elektrik geçirijisiniň Şybyrgan bilen Daşt-e Alwanyň arasyndaky gurluşyk işleri ýakyn wagtda doly tamamlanar.
Ondan soňky tapgyrda bolsa işler Argandi bekedine çenli dowam etdiriler. Netijede, Owganystanyň paýtagty Kabul şäheri we onuň töwerekleri durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün ediler.
Häzirki güne çenli TOP taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş ýurtlaryň we maýadarlaryň arasynda 50-den gowrak halkara ylalaşyga gol çekildi.
Owganystandaky gurluşyk-gurnama işlerini bökdençsiz alyp barmak maksady bilen, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň degişli edarasynyň arasynda ýörite Hyzmatdaşlyk ýol kartasyna gol çekilmegine garaşylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!