Aleksandriýanyň suw astyndan meşhur maýagyň şekili bolan seýrek ýüzük tapyldy
Aleksandriýa şäheriniň golaýyndaky Antirodos adasynda geçirilýän suwasty gözlegleriň dowamynda arheologlar örän seýrek duş gelýän taryhy tapynda duş geldiler. Suw astyndan gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biri bolan meşhur Aleksandriýa maýagynyň şekili oýulyp düşürilen bürünç möhür-ýüzük tapyldy.
«The Art Newspaper» neşiriniň habar bermegine görä, bu günki güne çenli meşhur maýagyň şeýle şekili düşürilen saklanyp galan ýeke-täk gadymy ýüzük diýlip hasaplanýar.
Bu seýrek tapyndy Frank Goddionyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa suwasty arheologiýasy institutynyň (IEASM) hünärmenleri tarapyndan öňki patyşalyk toplumlarynyň ýerleşen ýeri bolan Uly duralganyň töwereginde tapyldy.
Barlaglaryň ýolbaşçysy bu ýüzügiň köşk toplumy bilen baglanyşyklydygyny we şol döwrüň binagärlik gurluşlaryny öwrenmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!