BTJ nebit geçirijisi arkaly 10 million tonna golaý türkmen nebiti geçirildi
2023-nji ýyldan 2026-njy ýylyň awgustyna çenli bolan döwürde Baku — Tbilisi — Jeýhan (BTJ) strategik nebit geçirijisi arkaly 10 million tonna golaý türkmen çig nebiti dünýä bazarlaryna ugradyldy.
Bu barada Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň plenar mejlisinde Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministriniň orunbasary Kamal Abbasow habar berdi.
Ol çykyşynyň dowamynda iki goňşy döwlet — Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň energetika pudagynda, çig nebitiň, nebit we nebithimiýa önümleriniň söwdasynda uzak möhletleýin hem-de ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürýändigini belledi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!