| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 07.10.2026, 14:18 5

Battlefield oýny esasynda kino düşüriler

Battlefield oýny esasynda kino düşüriler

Sony kompaniýasy Battlefield wideooýunlar tapgyryny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn almak boýunça gepleşik geçirýär. Taslamanyň üstünde režissýor we ssenariçi Kristofer MakKuorriniň hem-de aktýor Maýkl B. Jordanyň işlemegi meýilleşdirilýär diýip, Variety habar berýär.

MakKuorri ssenariçi, režissýor we prodýuser hökmünde çykyş edip biler. Taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda, Jordan hem prodýuser bolmak bilen bir wagtda baş keşbi-de ýerine ýetirer.

Prodýuserleriň hatarynda Electronic Arts kompaniýasyndan Jessi Sterniň, Emerald Neon kompaniýasyndan Karter Swonuň, Vertigo kompaniýasyndan Roý Liniň we Miri Ýunuň, şeýle hem Outlier Society kompaniýasynyň prezidenti Elizabet Raposonyň bolmagyna garaşylýar.

Filmiň surata düşürilişiniň haçan başlanjakdygy häzirlikçe belli däl.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!