| Ashgabat | 22°C
Sport 12.10.2026, 12:54 1

Aleksandr Usik bilen Deonteý Waýlderiň arasyndaky garaşylan duşuşyk şowsuz tamamlandy

Aleksandr Usik bilen Deonteý Waýlderiň arasyndaky garaşylan duşuşyk şowsuz tamamlandy

Agyr agramlyklaryň öňki çempionlary — ukrainaly Aleksandr Usik (25-0, 16 KO) hem-de amerikaly Deonteý Waýlder (45-4-1, 43 KO) özara ringe çykmak meýilnamasyndan el çekmeli boldular.

Iki tarapyň wekilleri 2027-nji ýylyň ilkinji aýlarynda tutluşyk guramagy meýilleşdiren hem bolsalar, gepleşikler oňyn netije bermedi. Žurnalist Maýk Koppingeriň ýazmagyna görä, taraplar şertnama boýunça bir karara gelip bilmediler.

Başga birnäçe çeşme bolsa gepleşikleriň maliýe şertleri sebäpli takmynan üç hepde mundan ozal doly togtadylandygyny tassyklaýar.

Şu sebäpli Usigiň topary häzirlikçe başga bir garşydaş bilen gepleşik geçirmän, täze meýilnamalary gözden geçirýär.

Şol bir wagtyň özünde, Waýlderiň eýýäm Jeý Opetaýa bilen aragatnaşyga geçendigi barada maglumatlar ýaýrady. Ol Opetaýany 11-nji dekabrda meýilleşdirilýän uly boks agşamynda çykyş etmäge razy etmäge synanyşýar.

Bu duşuşygyň Taýson Fýuri bilen Entoni Joşuanyň arasyndaky esasy tutluşykdan öň geçirilmegine garaşylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!