| Ashgabat | 24°C
Tehnologiýalar 21.10.2026, 13:43 8

Telefonyňyzy ýüzüňiz arkaly açmak iPhone we Samsung smartfonlarynda birmeňzeşmi? Ýok, bu düýbünden beýle däl

Telefonyňyzy ýüzüňiz arkaly açmak iPhone we Samsung smartfonlarynda birmeňzeşmi? Ýok, bu düýbünden beýle däl

Olaryň ikisi düýpgöter tapawutly işleýär.

iPhone-nyň ýokarsyndaky ýörite datçikler ýüzüňize birnäçe müňden gowrak nokat ugrukdyryp, siziň 3D, ýagny üç ölçegli nusgaňyzy döredýär. Bu ulgam garaňkyda hem şol bir derejede gowy işleýär.

Başga bir adamyň ýüzi arkaly iPhone-y açmak ähtimallygy takmynan 1 000 000-da 1-e deňdir.

Samsung-da bolsa bu ulgam adaty öňki kamera arkaly ýüzüňize 2D, ýagny iki ölçegli görnüşde seredýär. Ýagny ol çuňlugy kesgitleýän ýörite datçikleri ulanmaýar.

Şol sebäpli howpsuzlyk taýdan gowşagrak bolup, nazary taýdan ony ýokary hilli surat ýa-da wideo arkaly aldamak mümkin. Garaňkyda bolsa käwagt kynçylyk döredip biler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!