| Ashgabat | 29°C
Bilim 10.10.2026, 13:23 5

Edebiýat boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýesi yglan edildi

Edebiýat boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýesi yglan edildi

Edebiýat boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragy kanadaly ýazyjy Enn Karsona berildi. Ol klassiki edebi däpler bilen döredijilikli sazlaşykda häzirki zaman edebiýatynyň täze görnüşlerini döreden batyrgaý we özboluşly eserleri üçin sylaglandyryldy.

Enn Karson öz işjeňliginiň dowamynda goşgy ýazmak, terjime etmek we dürli uniwersitetlerde sapak bermek bilen meşgullandy. Ol öz döredijiliginiň başlangyç nokady hökmünde sözleriň gelip çykyşyny — etimologiýany öwrenmegi görkezdi.

Maglumat üçin, özbegistanly ýazyjy Hamid Ismailow hem 2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň dalaşgärler sanawyna girizilipdi. Ol özbek we rus dillerinde döredijilik bilen meşgullanýar, eserleri iňlis, türk, nemes we fransuz dillerine terjime edilen.

Edebiýat boýunça 2025-nji ýylyň baýragyny bolsa wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai gazanypdy. Baýrak onuň kyýamat alamaty şertlerinde sungatyň gudratyny ýene bir gezek subut eden ynamly we çuňňur döredijiligi üçin berilipdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!