| Ashgabat | 21°C
Gyzykly maglumat 12.10.2026, 11:48 4

Gün ulgamynda täze bir planetanyň barlygynyň alamatlary anyklanyldy

Gün ulgamynda täze bir planetanyň barlygynyň alamatlary anyklanyldy

Gün ulgamynda sekizinji planetadan başga-da ýene bir planetanyň bardygy baradaky çaklama eýýäm köp wagtdan bäri öňe sürlüp gelýär. Emma şu wagta çenli dokuzynjy planetanyň bardygyny tassyklaýan takyk subutnama tapylmandy.

«Wion» neşiriniň ýazmagyna görä, taýwanly alymlar bu ugurda möhüm netijä geldiler. Olar dokuzynjy planeta mahsus diýlip hasaplanýan aýratynlyklara eýe bolan, ýagny hyra we haýal hereket edýän bir obýekti ýüze çykardylar.

Alymlar onlarça ýyl mundan ozal ýygnalan infragyzyl maglumatlary derňediler. Netijede, bir barlagda belli bir ýerde bolan, 23 ýyldan soň geçirilen ikinji barlagda bolsa başga ýere süýşen obýekt tapyldy.

Taýwandaky Milli Tsinh Hua uniwersitetiniň alymlarynyň barlagy Awstraliýanyň astronomiýa jemgyýetiniň žurnalynda çap edildi. Awtorlaryň bellemegine görä, millionlarça infragyzyl çeşmeler derňelenden soň, hut şu obýekt iň gowy dalaşgär hökmünde tapawutlandy.

Emma alymlar munuň dokuzynjy planetanyň bardygyny doly tassyklaýandygyny aýtmaýarlar. Bu obýektiň hakykatdan hem dokuzynjy planetadygyny entek doly subut etmek ýa-da inkär etmek gerek.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň
01
194 ýaşan pyşbaga
Gyzykly maglumat