Günorta Koreýada täze Hyundai Tucson-yň hyrydarlary rekord derejede köp boldy
Hyundai kompaniýasynyň täzelenen Tucson krossoweri Günorta Koreýada resmi taýdan sargyt kabul edip başlan ilkinji gününde 15 müňden gowrak alyjynyň ünsüni çekip, modeliň taryhyndaky iň ýokary görkezijä ýetdi.
Ondan öňki Tucson satuwa çykarylan ilkinji gününde 10 842 sargyt toplan bolsa, täze model bu rekordy ep-esli öňe geçirdi.
Müşderileriň arasynda iň uly isleg Inspiration toplumyna düşdi — ähli sargyt edenleriň 44%-i tapawutlanýan bu wersiýany saýlady. Alyjylaryň 33%-i bazalyk H-Pick toplumyna, 22%-i bolsa Exclusive toplumyna isleg bildirdi.
Ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Tucson XRT wersiýasy bolsa alyjylaryň diňe 1%-iniň ünsüni çekdi.
Täze Tucson-yň iň uly aýratynlyklarynyň biri — alyjylaryň 55%-iniň gibrid wersiýany saýlamagydyr. Öňki nesilde gibridleriň paýy 48% bolupdy.
Şeýlelik bilen, modeliň taryhynda ilkinji gezek gibrid görnüşi adaty benzinli motordan has köp satyldy.
Täze krossower Koreýada 1,6 litrlik turbomotor bilen hödürlenýär. Motoryň kuwwaty öňki model bilen deňeşdirilende 13 at güýji artdyrylyp, 193 at güýjüne ýetirildi.
Mundan başga-da, öňki 7 basgançakly «robot» geçiriş gutusynyň ýerine indi 8 basgançakly awtomat transmissiýasy ornaşdyryldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!