| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 01.10.2026, 14:54 6

Apple-iň täze ýolbaşçysy täze önümleri indi ýylda iki gezekden köp çykarmagy meýilleşdirýär

Apple-iň täze ýolbaşçysy täze önümleri indi ýylda iki gezekden köp çykarmagy meýilleşdirýär

Apple kompaniýasynyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda wezipä geçen täze baş direktory Jon Ternus önümleri işläp düzmegi çaltlandyrmak we enjamlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen kompaniýada giň gerimli gaýtadan üýtgedip gurmak işlerini geçirmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň täze ýolbaşçysy emeli aň eýýamynda bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin Apple täze önümleri bazara has çalt çykarmaly we olar bilen synag geçirmeli diýip hasaplaýar.

Häzirki wagtda kompaniýa ýazda we güýzde geçirilýän adaty tanyşdyryşlara kän bil baglaman, täze önümleri ýylyň dowamynda has ýygy-ýygydan bazara hödürlemek, şol bir wagtyň özünde ortalyk wezipeleriň käbirini ýatyrmak hem-de inženerler bilen ýokary ýolbaşçylaryň arasyndaky aralygy gysgaltmak mümkinçiliklerini öwrenýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!