| Ashgabat | 22°C
Tehnologiýalar 05.10.2026, 14:23 4

Niderlandly talyplar howany arassalaýan awtoulagy döretdiler

Niderlandly talyplar howany arassalaýan awtoulagy döretdiler

Niderlandlaryň Eýndhowen tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary hereket wagtynda howadaky zyýanly bölejikleriň mukdaryny azaltmaga ukyply «Ventra» atly konseptual elektroulagy işläp taýýarladylar.

Taslamany döredijiler, hatda elektrik awtoulaglarynyň hem daşky gurşawa doly zyýansyz däldigini belleýärler. Olardan zyňyndy gazlar bölünip çykmasa-da, tigirleriň we tormoz ulgamlarynyň könelmegi netijesinde hereket wagtynda howada ownuk tozan bölejikleri emele gelýär.

Bu meseläni çözmek üçin talyplar awtoulag hereket edýän wagtynda gaty bölejikleri tutup saklaýan ýörite ulgamy döretdiler. Ulgam bölejikleri zarýadlandyrandan soň, olar onuň içindäki ýörite üste çökýär.

Syýahat tamamlanandan soň, toplanan tozany aýryp bolýar. Işläp düzüjileriň tassyklamagyna görä, alnan materialy gaýtadan işlemek hem bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!