Netflix müňe golaý işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär
Dünýäniň öňdebaryjy striming platformalarynyň biri bolan Netflix işgärleriniň sanyny takmynan 6% azaltmagy, ýagny 1000 töweregi adamy işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu çäre kompaniýanyň 2022-nji ýyldan bäri amala aşyrýan iň iri ştat azaldylyşygy bolar.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary Greg Piters we Ted Sarandos çarşenbe güni işgärlere iberen hatlarynda bu ädimiň maliýe we adam serişdelerini has netijeli paýlamak üçin zerurdygyny düşündirdiler.
Bu özgerişlikler platformanyň geljegi uly ugurlara goşmaça maýa goýmagyna we durnukly ösüşini saklamagyna şert döreder.
Ştat azaldylyşygy, esasan, önümçilik we tehnologiýa, hukuk gullugy hem-de kadrlar (HR) bölümlerini öz içine alar.
Netflix batly depginde ösüşini dowam etdirýän hem bolsa, ulanyjylaryň işjeňliginde uly ösüş gazanmak aňsat düşmeýär. 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda abunaçylar mazmunlary 97 milliard sagatdan gowrak synlapdyrlar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden bary-ýogy 2% köpdür.
2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky resmi hasabatlara görä, Netflix-iň umumy işgär sany takmynan 16 müň adama deň bolupdyr.
Kompaniýa ýakyn günlerde şu ýylyň üçünji çärýegi boýunça maliýe netijelerini köpçülige ýetirer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!