| Ashgabat | 22°C
Gyzykly maglumat 12.10.2026, 12:32 1

Ýüzmekden gorkmaýan täsin pişik

Ýüzmekden gorkmaýan täsin pişik

Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky baglanyşyk müňýyllyklaryň dowamynda üznüksiz ösüp gelýär. Seçgiçilik (seleksiýa) — bu haýwanlaryň we ösümlikleriň iň gowy hem-de peýdaly aýratynlyklaryny saýlap almak arkaly täze tohumlary döretmek usulydyr. Adamzat asyrlar boýy bu ugry ösdürmek bilen, janly-jandarlaryň täze görnüşlerini emele getirmegi başardy.

Soňky ýyllarda seleksiýaçylar Afrika yklymynda duş gelýän ýabany pişikler bilen öý pişiklerini özara badaşdyrmak arkaly täsin tohumlary döretmegiň üstünde işleýärler.

Aýratyn owadanlygy we mähirli häsiýeti bilen tapawutlanýan öý pişigini döretmek maksady bilen hünärmenler Afrikanyň ýabany serwal pişigi bilen öý pişigini badaşdyryp, «Sawanna» diýlip atlandyrylan täsin tohumy almagy başardylar.

Sawanna pişigi resmi taýdan 2001-nji ýylda hasaba alnypdyr. Soňra bu tohum dünýäniň iň gymmat pişik tohumlarynyň biri hökmünde giňden tanalyp başlapdyr.

Bu pişikler parahat häsiýetli bolup, dürli şertlere çalt uýgunlaşýarlar. Olaryň iň täsin aýratynlyklarynyň biri bolsa beýleki köp pişiklerden tapawutlylykda suwdan gorkmazlygydyr.

Şeýle hem hünärmenler Sawanna pişiginiň eýesine örän wepaly bolup bilýändigini belleýärler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!