| Ashgabat | 26°C
Tehnologiýalar 14.10.2026, 11:49 1

NASA «Artemis II» missiýasynyň arhiw maglumatlaryny köpçülige ýetirdi

NASA «Artemis II» missiýasynyň arhiw maglumatlaryny köpçülige ýetirdi

Amerikanyň Aerokosmos agentligi (NASA) «Artemis II» uçuşy boýunça toplanan giň göwrümli arhiw materiallaryny köpçülik üçin açyk elýeterli etdi.

Açylan arhiwiň umumy göwrümi 800 gigabaýtdan geçip, öz içine şulary alýar:

  • PDF görnüşindäki jikme-jik hasabatlar we maglumatlar bilen işlemek boýunça gollanmalar;

  • 11 müňden gowrak ýokary hilli surat we wideoýazgy;

  • ekipažyň özara hem-de dolandyryş merkezi bilen geçiren 8,5 sagatdan gowrak gepleşikleri;

  • kosmonawtlaryň uçuş mahalynda planşet arkaly bellän möhüm hadysalarynyň suratlary.

Arhiwdäki suratlaryň arasynda meteoritleriň Aýyň ýüzüne gaçmagy netijesinde dörän ýagtylanmalar aýratyn tegeleklenip bellenilipdir. Şeýle hem ekipaž agzalary Aýyň ýüzünde adaty görünmeýän reňkli tegmilleri gözden geçiripdirler.

«Orion» gämisiniň kosmonawtlary illýuminatordan Aýy surata düşürmek üçin 7 sagada golaý wagt sarp edipdirler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!