Sardiniýa adasynda 100 ýaşly aýallaryň obasy tapyldy
Italiýanyň Sardiniýa adasynda ýerleşýän daglyk Bolotana obasy ömrüniň uzaklygy bilen tapawutlanýan ýaşaýjylary sebäpli alymlaryň üns merkezine düşdi.
«Frontiers in Aging» neşirinde çap edilen barlaglara görä, bu obada ýaşaýan aýallaryň 100 ýaşa ýetmek ähtimallygy ABŞ-daky zenanlaryňkydan üç esse ýokarydyr.
Demografik barlaglar 1900–1925-nji ýyllar aralygynda Bolotanada doglan 3060 adamyň 38-siniň bir asyr ýaşandygyny ýüze çykardy.
2024-nji ýyldaky maglumatlara görä, bary-ýogy 2300 töweregi ilaty bolan bu ilatly punktda 100 ýaşdan geçen alty sany ýaşaýjy ömür sürýärdi.
Şeýle hem bu ýerde 70 ýaşy geçen zenanlaryň ortaça ýene-de 21 ýyl töweregi ýaşamak mümkinçiligi bar. Bu görkeziji boýunça Bolotana aýallary dünýäde diňe Gonkongly zenanlardan soň ikinji orny eýeleýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!