Hawai adasynda meşhur tebigy ýadygärlik ýumruldy
Hawai adasynyň kenarýakasynda ýerleşýän meşhur Hōlei Sea Arch tebigy arkasy Ýuwaş ummanyna opurylyp gaýtdy.
«Hawai wulkanlary» milli seýilgähiniň çäginde ýerleşen bu tebigy ýadygärligiň, takmynan, 550 ýyl ýaşy bardy. Deňiz tolkunlarynyň täsiri bilen lawadan emele gelen dag jynslarynyň ýuwaş-ýuwaş ýumrulmagy netijesinde dörän bu arkanyň beýikligi, takmynan, 27 metre ýetýärdi.
Onuň haçan ýumrulandygy anyk belli däl. Aýtmaklaryna görä, ol 23-nji sentýabrda-da öz ýerinde eken. Emma tropiki tupan sebäpli milli seýilgäh wagtlaýyn ýapylyp, gaýtadan açylandan soň bu ýere gelenler tebigy arkanyň ýok bolandygyny gördüler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!