Hytaýda ýaş aýdymçy garaşylmadyk ýagdaýda meşhurlyk gazandy
Hytaýda ýaş aýdymçy duýdansyz ýagdaýda meşhur aýdymçynyň ornuny basyp, köp sanly tomaşaçynyň söýgüsini gazandy we sosial ulgamlarda uly meşhurlyga eýe boldy.
Baotou şäherinde geçen konsertde meşhur artist Haken Li ýolda galyp, uçarynyň başga ýere gonmagy we taksiniň hem tok çöküp saklanmagy sebäpli wagtynda gelip bilmändir.
Şol wagt nahar başynda oturan ýerli ýaş ýerine ýetiriji Ýan Sýun dessine kömek etmäge razy bolup, stadiona ilki takside, soňra bolsa tigirde ýetip gelipdir.
Hiç hili taýýarlyksyz, adaty egin-eşiginde sahna çykan ýigit meýilleşdirilen ýarym sagadyň ýerine, arakesmesiz iki sagat dowamynda ajaýyp aýdymlary ýerine ýetiripdir.
Konsertden soň tomaşaçylaryň ýyly kabul etmegi netijesinde ýigidiň sosial torlardaky yzarlaýjylarynyň sany birnäçe hepdäniň içinde 10 müňden 420 müňe çenli köpelipdir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!