Ýaş hüjümçi rekordlary täzeleýär
Erling Holand UEFA-nyň Çempionlar ligasynda Lionel Messiniň iki taryhy rekordyny täzeledi. Bu waka umumy tapgyryň 2-nji tapgyrynda «Pari Sen-Žermen» toparyna garşy geçirilen duşuşykda bolup geçdi. Norwegiýaly hüjümçi bu oýunda iki gol geçirmegi başardy.
Holand şol agşam diňe bir Messiniň rekordlaryny täzelemek bilen çäklenmän, Serhio Agüerodan (36 gol) hem öňe geçdi.
Şeýlelikde, ol «Mançester Sitiniň» düzüminde geçiren 38 goly bilen klubuň Çempionlar ligasyndaky taryhynda iň köp gol salan futbolçy boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!