| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 16.10.2026, 13:20 5

Microsoft täze «Michelangelus» şriftini hödürledi

Microsoft täze «Michelangelus» şriftini hödürledi

Microsoft kompaniýasy Galkynyş döwrüniň beýik ussady Mikelanjelonyň el ýazgylaryna esaslanan täze «Michelangelus» şriftini resmi taýdan tanyşdyrdy.

Täze taslama Watikandaky Keramatly Pýotr ybadathanasyny gorap saklamak bilen meşgullanýan «Fabbrica di San Pietro» guramasynyň haýyşy boýunça Studiogusto dizaýn studiýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Bu özboluşly iş meşhur ybadathananyň keramatlaşdyrylmagynyň 400 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy.

Dizaýnerler suratkeşiň el ýazuwyny diňe göni göçürmek bilen çäklenmän, onuň özboluşly stilini, harplaryň ölçeglerini we proporsiýalaryny häzirki zaman ýazuw talaplaryna laýyklykda täzeden sazlapdyrlar.

Şriftiň binýadynda Watikanyň Apostol arhiwinde saklanýan Mikelanjelonyň öz elýazmalary, şahsy bellikleri we hatlary durýar.

Dizaýn topary diňe kiçi «g» harpynyň bir görnüşini kämilleşdirmek üçin tutuş bir hepde sarp edipdir.

Baş harplary döretmekde dizaýnerleriň Mikelanjelonyň binagärlik taslamalaryndaky hem-de «Pieta» ýaly belli heýkellerindäki oýulyp ýazylan ýazgylardan ylham alandyklary bellenilýär.

«Michelangelus» 2000-den gowrak belgini öz içine alýar we birnäçe ýazgy stilinde, şol sanda adaty, kursiw, ýarym gara hem-de ýarym gara kursiw görnüşlerinde hödürlenýär.

Täze şrift eýýäm resmi çeşmelerden ýükläp almak üçin elýeterlidir. Şeýle hem onuň ýylyň ahyryna çenli Microsoft 365 toplumynyň düzümine, ýagny Word, PowerPoint we Excel ýaly meşhur programmalara goşulmagyna garaşylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!