| Ashgabat | 32°C
Dünýaden 02.10.2026, 14:53 6

Messi Buenos-Aýres uniwersitetiniň hormatly doktory bolar

Messi Buenos-Aýres uniwersitetiniň hormatly doktory bolar

Buenos-Aýres uniwersiteti (UBA) Argentina milli futbol ýygyndysynyň kapitany Lionel Messä özüniň iň ýokary hormatly derejesini bermegi karar etdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy futbolçynyň milli ýygyndynyň düzüminde Beninä garşy oýnajak hoşlaşyk oýnunyň öňüsyrasynda, «El Monumental» stadionynda geçiriler.

Uniwersitetiň Ýokary geňeşiniň kararynda Messiniň futbol karýerasynyň «ussatlygyň, tutanýerliligiň, kiçigöwünliligiň we ahlak ýörelgelerine ygrarlylygyň» nusgasydygy, şeýle hem Argentinanyň we onuň gymmatlyklarynyň dünýäde tanadylmagyna goşant goşýandygy bellenilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!