Mercedes-Benz iki sany CLA awtoulagyny çaknyşdyrdy
Mercedes-Benz kompaniýasy awtomobil senagatynda seýrek görülýän adaty bolmadyk howpsuzlyk synagyny geçirdi.
Bu gezek iki sany hakyky hereket edýän awtoulag çatrykda gapdallaýyn çaknyşdyryldy. Hersiniň agramy 2 tonnadan gowrak bolan bu ulaglar sagatda 56 km tizlik bilen hereket edýän mahaly çaknyşdy.
Kompaniýanyň hünärmenleri bu tizligi çatryklarda bolup geçýän iň agyr ýol-ulag hadysalaryna mahsus çäk hökmünde kesgitlediler.
Synagyň netijesi ýolagçylaryň agyr şikes almak töwekgelçiliginiň pesdigini görkezdi, ýokary woltly batareýalara bolsa zeper ýetmedi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!