| Ashgabat | 24°C
Tehnologiýalar 20.10.2026, 17:17 7

Mercedes-Benz sürüjisiz hereket etjek täze modellerini hödürlär

Mercedes-Benz sürüjisiz hereket etjek täze modellerini hödürlär

Mercedes-Benz awtomobil öndürijisi we tehnologiýa ägirdi Nvidia emeli aň esasynda işleýän täze taslama arkaly hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar.

Taraplaryň bilelikdäki maksady 4-nji derejeli özbaşdak dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilen döwrebap awtoulaglary köpçülige hödürlemekden ybaratdyr.

Bu tehnologiýa geljekde hatda ýokary derejeli kaşaň limuzinlerde hem giňden ulanylyp bilner.

Täze ulgamyň binýadynda Mercedes-Benz-iň öz MB.OS operasion ulgamy bilen birlikde Nvidia-nyň Hyperion hasaplaýyş platformasy, Alpamayo Stack programma üpjünçiligi hem-de Halos howpsuzlyk ulgamy ýerleşdiriler.

Bu kuwwatly tehniki birleşme ulaglara adam kömegisiz şäher içinde özbaşdak hereket etmäge, awtoduralgalarda awtomatiki ýerleşmäge we ähli täzelenmeleri aralykdan, ýagny simsiz kabul etmäge mümkinçilik berer.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!