| Ashgabat | 21°C
Sport 24.10.2026, 13:37 1

«Liwerpul» «Walensiýanyň» ýaş goragçysy üçin 30 million ýewro bermäge taýýar

«Liwerpul» «Walensiýanyň» ýaş goragçysy üçin 30 million ýewro bermäge taýýar

«Liwerpul» «Walensiýa» klubynyň goragçysy Dawid Otorbi üçin 30 million ýewro möçberinde pul tölemäge taýýardygy barada habar berdi. Mersisaýdlylar bu barada 19 ýaşly futbolçynyň resmi wekillerine eýýäm habar beripdirler.

Bu barada «Tribuna Deportiva» neşiri özüniň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

«Liwerpulyň» bu gyzyklanmasy sebäpli Ispaniýanyň kluby futbolçynyň şertnamasyny mümkin boldugyça ýene üç ýyl uzaltmak isleýär. Şondan soňra onuň goýberiş puly 60 million ýewro çenli ýokarlanar.

Otorbi bu möwsümde La Liganyň sekiz duşuşygynda meýdança çykyp, bir gol geçirdi. Onuň klub bilen häzirki amaldaky şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli göz öňünde tutulýar.

«Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazardaky bahasy 3,5 million ýewro deňdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!