Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny resmi taýdan tamamlady
39 ýaşly argentinaly ýyldyz hüjümçi milli ýygyndynyň düzümindäki hoşlaşyk duşuşygyny geçirdi. Bu Buenos-Aýresdäki «Monumental Antonio Vespucio Liberti» stadionynda Beniniň ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda boldy.
Argentina garşydaşyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Messi duşuşykda bir gol geçirip, iki netijeli pas berdi.
Messi Argentinanyň milli ýygyndysynda 2005-nji ýylyň awgustynda Wengriýa garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda (2:1) ilkinji gezek çykyş etdi. Ol milli ýygyndynyň düzüminde jemi 208 duşuşyk geçirip, 126 gol geçirdi we 70 netijeli pas berdi.
Messi Argentinanyň ýygyndysy bilen 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda, 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň Kubogynda, şeýle hem 2022-nji ýylda Finalissima ýaryşynda ýeňiji boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!