| Ashgabat | 29°C
Bilim 10.10.2026, 13:25 3

2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýeleri

2026-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýeleri

Fiziologiýa ýa-da lukmançylyk ugry boýunça baýraga amerikaly Karl Deýsserot (Karl Deisseroth), germaniýaly Peter Hegemann we Georg Nagel mynasyp boldular. Baýrak neýronlary ýagtylygyň kömegi bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän usuly — optogenetikany döredenlikleri üçin berildi.

Olaryň döreden optogenetika usuly nerw öýjükleriniň beýnide ýatlamalary, duýgulary we özüni alyp baryş aýratynlyklaryny nähili emele getirýändigini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu usul nerw öýjüklerini öwrenmekde, şeýle hem newrologiki we psihiki keseller boýunça barlaglarda ulanylýar.

Fizika boýunça Nobel baýragyna astrofizika goşan goşandy üçin belgiýaly alym Frensis Halzen (Francis Halzen) mynasyp boldy. Onuň açyşlary ylma heniz doly belli bolmadyk kosmiki hadysalary ýüze çykarmaga kömek edip biler.

Alym IceCube enjamynyň döredilmegine goşan goşandy hem-de ýokary energiýaly astrofiziki neýtrinolary açandygy üçin baýraga mynasyp diýlip tapyldy.

Himiýa boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragy fransiýaly Anri Kagan (Henri Kagan) we ýaponiýaly Kenso Soai (Kenso Soai) berildi. Baýrak asimmetrik organiki sintezde göni çyzykly bolmadyk täsirleri we awtokataliz hadysasyny açandyklary üçin gowşuryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!