| Ashgabat | 23°C
Sport 07.10.2026, 14:46 3

«Golden Boy» baýragyny indi kim alar?

«Golden Boy» baýragyny indi kim alar?

Italiýanyň «Tuttosport» neşiri 2025/2026 möwsüminiň jemi boýunça Ýewropanyň 21 ýaşa çenli iň gowy oýunçysyna berilýän «Golden Boy 2026» baýragyna dalaş edýän 25 futbolçynyň sanawyny yglan etdi.

Sanawa Transfermarkt tarapyndan täzelenen European Golden Boy Top 100 reýtinginiň oktýabr aýyndaky ýagdaýy boýunça iň gowy 20 oýunçy, şeýle hem wild card (ýörite çakylyk) alan bäş futbolçy girdi.

Dalaşgärleriň arasynda «Barselonanyň» goragçysy Pau Kubarsi, ýarymgoragçylar Aýub Buaddi we Warren Zair-Emeri, wingerler Ýan Diomande we Estewao, şeýle hem hüjümçiler Endrik we Raýan bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!