| Ashgabat | 25°C
Dünýaden 19.10.2026, 13:01 5

Hytaýly alymlardan uly üstünlik

Hytaýly alymlardan uly üstünlik

Hytaýyň Şanhaý Emeli aň laboratoriýasynyň hem-de Uly aýlag uniwersitetiniň barlagçylary döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ylym äleminde uly seslenme döreden matematiki taslamany üstünlikli jemlediler.

Professor Sýu Dişeniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Intern-S2 multimodal modelinden peýdalanyp, fransuz matematigi Etýen Žisiň 1995-nji ýylda öňe süren gipotezasynyň üç ölçegli (3D) görnüşini doly subut etdiler.

Bu üstünlik diňe bir algoritmiň zähmeti bolman, eýsem adam bilen emeli aňyň netijeli hyzmatdaşlygynyň miwesidir.

Barlag wagtynda matematikler esasy strategiýany çyzyp, emeli aňa haýsy ugurda gözleg geçirmelidigini görkezdiler. Algoritm ýalňyş netijeleri hödürlän ýagdaýynda bolsa, alymlar gözleg ugruna wagtynda düzediş girizip durdular.

Soňluk bilen, alnan çylşyrymly netijeler Dun Bin hem-de Lşu Žuoçuan ýaly belli hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky aýratyn topar tarapyndan doly barlanyp tassyklandy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!