| Ashgabat | 20°C
Sport 24.10.2026, 16:44 6

Kriştianu Ronaldu 2 milliard dollar gazandy

Kriştianu Ronaldu 2 milliard dollar gazandy

Portugaliýaly meşhur hüjümçi hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň ýyldyzy Kriştianu Ronaldu sport taryhynda umumy gazanjy 2 milliard dollara ýeten ilkinji türgen hökmünde hasaba alyndy.

Ekspertleriň çaklamalaryna görä, 2026/27-nji ýyllaryň möwsüminde futbolçynyň diňe klub bilen baglaşan şertnamasyndan aljak girdejisi 250 million dollara deň bolar. Şeýle hem, maýa goýum taslamalary we mahabat ylalaşyklary oňa ýene-de 50 million dollar töweregi girdeji getirer.

«Forbes» neşiriniň maglumatlaryna görä, geljek ýylda bu sepgide «Inter Maýami» toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi hem ýetip biler. Onuň ýyllyk girdejisiniň 145 million ýewro töweregi boljakdygy bellenilýär.

Mundan başga-da, 17-nji oktýabrda Ronaldunyň biznes pudagynda täze ädim ädendigi bellenildi. Ol mineral suw önümçiligine 10 million ýewro maýa goýdy. Täze zawodyň gurluşygyny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlap, 2028-nji ýylda önümçiligi doly işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Türgenleriň «umumy gazanjy» diýlip, salgytlar tutulmazyndan öňki ähli girdejiler — klubdaky zähmet haklary, bonuslar, mahabat we täjirçilik şertnamalary, şeýle hem hususy biznesden we maýa goýumlardan gelýän girdejiler hasaplanýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!