| Ashgabat | 25°C
Dünýaden 19.10.2026, 12:31 2

Kriştianu Ronaldu täze mineral suw taslamasyna 10 million ýewro maýa goýdy

Kriştianu Ronaldu täze mineral suw taslamasyna 10 million ýewro maýa goýdy

Portugaliýaly meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu biznes ugurlaryny giňeltmegi uly depginde dowam etdirýär.

Ol Portugaliýanyň suw bazarynyň agramly bölegine — takmynan 45%-ine gözegçilik edýän «Grupo Outeirinho» holdingi bilen bilelikde «Maravilha Decimal» kärhanasyny döretdi.

Taslamanyň umumy býudjeti 20 million ýewro bolup, taraplar maýa goýumlaryny we paýlaryny deňme-deň, ýagny 50/50 görnüşinde paýlaşdylar.

Täze mineral suw brendiniň önümçilik desgasy Bragansa okrugynyň Goşteý sebitindäki tebigy çeşmäniň golaýynda bina edilýär. Bu çeşme özüniň antioksidant we saglyga peýdaly düzümi bilen tapawutlanýar.

«Grupo Outeirinho»-nyň ýolbaşçysy Fransisku Ferreýranyň bellemegine görä, hyzmatdaşlyk baradaky pikir Ronaldunyň sagdyn durmuş ýörelgesine we aşgarly suwlara bolan gyzyklanmasy sebäpli çalt amala aşdy.

Çüýşeleriň dizaýnynyň üstünde Italiýanyň belli dizaýn studiýasy işleýär.

Zawodyň gurluşygyny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak we 2028-nji ýylda doly işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!