Kino ýyldyzy Nikolas Keýj meşhur antologiýa serialyna goşulýandygyny tassyklady
Golliwud aktýory Nikolas Keýj HBO telekanalynyň giňden ykrar edilen «Hakyky detektiw» (True Detective) serialynyň täze, bäşinji möwsüminde çykyş etjekdigini tassyklady. Bu barada Entertainment Weekly neşiri aktýoryň New York Comic Con çäresinde janköýerleri bilen bolan duşuşygyna salgylanyp habar berýär.
Keýj teletaslama gatnaşmak kararyny maşgala durmuşy bilen baglanyşdyrdy. Ol yzygiderli kino düşürilişlerinden biraz dynç alyp, ýakynlaryna has köp wagt bölmek hem-de maşgalasynyň maddy üpjünçiligini durnukly saklamak isleýändigini aýtdy.
Golliwud ýyldyzynyň bu taslama goşuljakdygy baradaky ilkinji çaklamalar 2025-nji ýylyň tomus aýlarynda ýaýrapdy. Pudak hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, täze möwsümiň syrly wakalary Nýu-Ýork şäheriniň Jameýka aýlagy sebitinde bolup geçer.
Aktýor ýaz aýlarynda beren beýanatynda režissýor Issa Lopes bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini, emma şol wagt şertnama entek doly gol çekilmändigini aýdypdy.
Şeýle hem Keýj serialyň Metýu Makkonahi bilen Wudi Harrelsonyň çykyş eden meşhur ilkinji möwsümine hiç haçan seretmändigini boýun aldy.
Bellenilmeli ýeri, ilkinji möwsümdäki Rast Kolyň keşbi bilen uly meşhurlyk gazanan Metýu Makkonahi hem Keýjiň bu taslama goşulmagyny oňlaýandygyny aýtdy. Makkonahi täze ssenariý ilkinji möwsümiň derejesinde güýçli ýazylan bolsa, özüniň hem taslama gaýdyp gelmäge taýýardygyny belläp geçdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!