Türkmenistanyň ýaýlym torunda Gazagystanyň teleýaýlymlary açylar
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky maglumat we media pudagyndaky hyzmatdaşlyk täze ösüş tapgyryna geçýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek hemişelik hereket edýän bilelikdäki media geňeşiniň döredilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygy strategik derejä çykarmaga ýardam eder.
Täze döredilýän maslahat beriş we utgaşdyryş edarasy iki ýurduň media hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy çaltlandyrar. Şeýle hem ol döwlet teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we media mazmunyny yzygiderli paýlaşmaga ýardam berer.
Bu amaly ylalaşyklaryň çäginde Gazagystanyň halkara wakalaryny we sebitdäki möhüm täzelikleri beýan edýän «Silk Way», şeýle hem kino sungatyna bagyşlanan «Silk Way Cinema» teleýaýlymlary Türkmenistanyň ýaýlym toruna giriziler.
Bu bolsa iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni we maglumat gatnaşyklarynyň has-da giňelmegine mümkinçilik döreder.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!