Uinston Çerçilliň surat eseri «Christie’s» auksionynda satylýar
Londondaky meşhur «Christie’s» auksion öýi Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Uinston Çerçilliň 1948-nji ýylda çeken «Amaryllis Lily» («Amarillis») atly suratyny satlyga çykarýar.
Sungat bilermenleri bu eseriň bahasynyň 300–500 müň funt sterling (takmynan 398–663 müň dollar) aralygynda bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Eserde garaňky fonda, stoluň üstünde ýerleşdirilen gyzyl reňkli amarillis güli şekillendirilipdir. Çerçill bu eserini öz gyzy Meri Soumsa sowgat edipdir. Soňra, 1995-nji ýylda Meri ony «Churchill Fellowship» gaznasyna tabşyrypdyr.
Auksiondan düşjek ähli serişdeler sungat ulgamyny goldamak maksady bilen «Making Space for the Arts» taslamasyna geçiriler.
Beýik britaniýaly syýasatçy surat çekmäge 40 ýaşynda başlap, ömrüniň dowamynda 500-e golaý çeper eser döredipdir.
Onuň iň gymmat bahadan satylan eserleriniň biri Ikinji jahan urşy ýyllarynda çekilen peýzaždyr. Bu eser 2021-nji ýylda şol bir «Christie’s» auksionynda 8,285 million funt sterlinge satylypdy.
Ýatladyp geçsek, bu surat ozal meşhur aktrisa Anjelina Jolä degişli bolup, oňa Bred Pitt tarapyndan sowgat berlipdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!